Maryda tehniki uglerod öndürýän täze zawod açyldy

  • 14.04.2022 05:36
  • 7.8k+

13-nji aprelde Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi.

Döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

 Senagatyň dürli pudaklarynda uly islegden peýdalanýan himiýa senagaty önümleriniň biri hem tehniki ugleroddyr. Mary etrabynda ýerleşen täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Ýeri gelende bellesek, tehniki uglerod uglewodorodlardan alynýan önümdir. Onuň ulanylyşy dürli häsiýetlidir. Mysal üçin, ol polimer serişdeleriniň düzümine girýär, rezin-tehniki önümleriň ulanylyş häsiýetini gowulandyryp, şol önümler öndürilende güýçlendirip dolduryjy hökmünde giňden peýdalanylýar, hususan-da, awtoulaglaryň tekerlerine berklik berýär.


şu gün 08:00
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär...

29.06.2025 17:55
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow "Daewoo" kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi diýip, TDH agentligi habar berýär...

24.06.2025 00:48
6.3k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

23.06.2025 16:26
8.7k+

Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi

Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.   Meýilnama laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektar meýdandan bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär...