Serdar Berdimuhamedow türkmen telekeçileriniň sergisine baryp gördi

  • 14.04.2022 05:11
  • 18k+

13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew hormatly Prezidente hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar.
Serdar Berdimuhamedow sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, “Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň” diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Şeýle-de ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalarynyň, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan”, “Ak gar”, “Datmeni” söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow “Täze aý” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Orazow bilen gürrüňdeş bolup, telekeçi tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleri, hili hem-de azyk harytlarynyň ýokumlylygy bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň telekeçiligini mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi 18-nji aprelde tamamlanar.


13.06.2026 16:30
940

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
968

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......