Aşgabatda adam hukuklary boýunça gibrid görnüşli maslahat geçirildi

Aşgabatda adam hukuklary boýunça gibrid görnüşli maslahat geçirildi

12-nji aprelde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işgärleri we bilermenleri gatnaşdylar.

Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşdyrmakda ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Çykyşlarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň, Adalatçynyň diwanynyň üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Maslahatda, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.