Hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

  • 08.04.2022 05:39
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 7-nji aprelde gol çeken Karary bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Resminamanyň maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekden hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.


şu gün 12:41
801

Türkmenistan Adwokatlaryň Milli hünär assosiasiýasyny döretmek ugrunda iş alyp barýar

Türkmenistanda Adwokatlaryň milli hünär assosiasiýasyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu mowzuk 21-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen we ýuridik kömek ulgamyny ösdürmäge hem-de adam hukuklaryny goramakda aklawçylaryň roluny güýçlendirmäge bagyşlanan tegelek stoluň merkezi meselesi boldy...

şu gün 12:09
1.5k+

Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi

Planetanyň "ýaşyl öýkeni" roluny ýerine ýetirýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we kislorod çykarýar. Mundan başga-da, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny döredip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky sebitlere täsir edýärler...

düýn 11:26
3.1k+

Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi...

düýn 11:10
1.1k+

Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahatda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...