Türkmenistanda bank kartlaryny ulanyjylaryň sany 4 mln 823 müňe golaýlady

  • 07.04.2022 23:58
  • 15k+

Türkmenistanyň banklary üstümizdäki ýylyň başyndan bäri (1 aprele çenli ýagdaý boýunça) ulanyjylara 52 müň 33 sany bank kartyny berdi diýip, ýurduň Merkezi banky habar berýär.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereket edýän bank kartlarynyň sany 4 million 770 müň 961 sany bolanlygyndan 4 million 822 müň 944-e çenli artdy.

Ýurtda agzalan döwür içinde her iş gününde 900 töweregi täze bank karty açyldy, bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna we sanly bank hyzmatlarynyň çygrynyň giňemegine ýardam berdi.

"Daýhanbank" döwlet täjirçilik banky 1 million 732 müň 708 sany bank kartyny goýberip, berlen bank kartlarynyň sany boýunça öňde barýar. Onuň yzy bilen sanawda  "Türkmenistan" we "Türkmenbaşy" banklary gidýär.


düýn 11:12
1.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

düýn 11:02
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

düýn 10:18
4k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

düýn 10:09
7.8k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...