Wan Dam Kongo demokratik respublikasynyň diplomatik pasportynyň eýesi boldy

  • 07.04.2022 23:46
  • 12k+

Asly belgiýaly meşhur kinoaktýor Žan-Klod Wan Damm çarşenbe güni Kongonyň paýtagty Kinşasada Kongo demokratik respublikasynyň diplomatik pasportyny aldy. Bu barada Kongonyň Politico täzelikler portaly habar berýär.

"Meni bu ýerde uly söýgi bilen garşylandyklary üçin Kongo minnetdarlyk bildirýärin - diýip, 61 ýaşly aktýor dabaraly dessur mahalynda aýtdy. - Ilçiniň mertebesi maňa ýaşlara, sporta we Kongonyň ýabany tebigatyna hemaýat etmek maksady bilen, halkara goldawy işjeňleşdirmäge kömek eder".

Wan Damma diplomatik pasporty Kongo DR-nyň prezidenti Feliks Çisekediniň adyndan ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Sami Adubango gowşurdy.
Kongo DR-da Wan Damm juda meşhur. Muňa aktýoryň afrika ýurdunyň günorta-gündogarynda ýerleşen Lubumbaşi şäherinde doglandygy barada dörän ýerli rowaýat hem şaýatlyk edýär. Emma Wan Damm Belgiýanyň paýtagty Brýusselde dünýä inýär, onuň ene-atasy bolsa Kongonyň Ýokarky Katanga welaýaty bilen gatnaşykda bolupdyr. 
Wan Damm dünýä kinematografiýasyndaky meşhurlygyny söweş sungatynyň ussady hökmünde gazandy. Ol elliden hem gowrak filmde surata düşdi. 

düýn 22:54
623

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......