RF-niň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski aradan çykdy

RF-niň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski aradan çykdy

Şu gün, 6-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowski uzak wagtlap dowam eden keselden soň, ömrüniň 76-njy ýylynda aradan çykdy. Bu barada Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin habar berdi.

Žirinowski 1946-njy ýylyň 25-nji aprelinde Gazagystanyň Almata şäherinde dünýä indi.
1970-nji ýylda «Türkiýe we türk dili» hünäri boýunça M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Gündogar dilleri institutynyň (1972-nji ýyldan bäri, Aziýa we Afrika ýurtlary instituty) taryh-filologiýa fakultetini tapawutlanan diplom bilen tamamlady. 1977-nji ýylda Moskwa döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tapawutlanyp tamamlady. 1998-nji ýylda «Rus milletiniň geçmişi, häzirki zamany we geljegi» ady bilen dissertasiýasyny gorady.
Žirinowski alty gezek Russiýanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Liberal demokratik partiýasynyň başlygy «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeniniň doly kawaleri boldy, Hormat ordenini (2008), Aleksandr Newskiý ordeni we P.A.Stolypin medalynyň I we II derejesini aldy.

Ýeri gelende aýtsak, Wladimir Wolfowiç Žirinowskä 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanda amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at berildi.