Aşgabatda «awtoulagsyz günlerde» haýsy köçelerde hereket çäklendiriler?

  • 04.04.2022 17:47
  • 41k+

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen, ekologiýa çäresiniň çäklerinde Aşgabatda bir hepdelik — 4-11-nji aprel aralygynda awtoulaglaryň hereketi çäklendirildi. Herekete çäklendirme bir hepdäniň dowamynda 08:00-dan 18:00 aralygynda dowam eder. Çäklendirme hususy awtoulaglara degişli bolup, jemgyýetçilik ulaglary — awtobuslar we taksiler adaty tertipde hereket eder.

ORIENT agentliginiň Aşgabat şäher häkimligine salgylanyp habar bermegine görä, paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň bir bölegi hususy ulaglaryň hereketi üçin açyk bolar. Bu köçelere şular degişli: Aşgabadyň DEMIRGAZYGYNDA — Gurbansoltan eje şaýoly, Kemine köçesi we Magtymguly şaýoly; GÜNORTASYNDA  Köpetdag şaýoly; GÜNBATARYNDA —  Bekrewe ýaşaýyş toplumyndan Gurbansoltan eje şaýoly aralyk; GÜNDOGARYNDA — Ankara köçesinden «Parahat - 7» ýaşaýyş toplumyna çenli.
Aşakda görkezilen çyzgyda Aşgabatda şu hepde 8:00-dan 18:00-a çenli awtoulag hereketi çäklendirilen köçeler we şaýollar gyzyl reňk bilen bellenildi.


düýn 09:01
3.1k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

12.05.2026 14:49
3.8k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

11.05.2026 22:59
1.2k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....