18 ýaşly Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Mastersiň” ýeňijisi boldy

  • 04.04.2022 12:21
  • 3.9k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Maýamide geçirilen “Masters” seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu ýaryşyň baýrak gaznasy 8,5 million dollardan geçýär.

Ýaryşda 14-nji belgide ýerleşdirilen Alkaras finalda ýaryşyň altynjy raketkasy norwegiýaly Kasper Ruudy 7:5, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 53 minut dowam etdi.
18 ýaşly Alkaras üçin bu “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda ilkinji titul boldy. Onuň hasabynda ýekelikde ATP-ýaryşynda  jemi üç baýragy bar. Ispaniýaly tennisçiler “Masters” seriýasynyň ýaryşlarynda rekord möçberde ýeňiş gazandylar (56), bu ýurduň 14 wekili, şol sanda Rafael Nadal ýaryşlaryň ýeňijileri boldular, bu hem rekord görkezijidir.  
Maýamide gazanan ýeňşi üçin Alkaras 1000 reýting utugyny we $1,231,245 möçberinde baýrak alar. Ýeri gelende bellesek, Alkaras taryhda Maýamidäki “Mastersiň” iň ýaş ýeňijisi boldy. 


03.11.2025 17:30
2.9k+

Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy...

26.10.2025 09:40
4.6k+

SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi

SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady...

22.10.2025 20:05
817

Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady...

20.10.2025 14:04
1.5k+

Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisini utup, çempionatda Piastriden aratapawudyny azaltdy

19-njy oktýabrda, ýekşenbe güni Ostindäki Circuit of the Americas ýaryş ýolunda Formula-1 çempionatynyň 19-njy tapgyry – ABŞ-nyň Gran-prisi geçdi. Onda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy...