19 millionynjy ýubileý bitkoini gazanyldy, ýene bary-ýogy 2 mln bitkoin galdy

19 millionynjy ýubileý bitkoini gazanyldy, ýene bary-ýogy 2 mln bitkoin galdy

Häzirki pursatda 21 mln bitkoin bilen çäklendirilen, sanly altynyň umumy emissiýasyndan 90,48%-i gazanyldy.

Satoşi Nakamotonyň goýan algoritmine görä, sylag her 210 000 blokdan 50% kemelýär. Indiki halwinge (kriptowalýutanyň täze birlikleriniň generirlenişiniň tizliginiň peseliş prosesi) 2024-nji ýylda garaşylýar. 18 000 000 belgili «şaýy» baryp-ha 2019-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda gazanypdylar. 2140-njy ýylda ýylda blok üçin sylaglama täze bitkoinleri çykarmagy bes eder, maýnerleri sylaglamak ulgamy bolsa tutuşlygyna tranzaksiýa üçin komissiýalara daýanar.
Maglumatlar 19 million Bitkoin gazanylandygyny görkezýänem bolsa, hakykatda aýlanyşykda olaryň näçedigini hiç kim anyk bilmeýär. Bu hiç haçan sarp edilmejek gazanylmadyk ýa-da ýitirilen «şaýylaryň» näbelli mukdarynyň bardygy bilen baglydyr. 
Şeýle-de bolsa, Satoşi Nakamoto elýeter däl Bitkoin kriptoaktiwi has-da gytaldýar, diýmek, ony has gymmatly edýär diýmek bilen, oýlap tapyjy ýitirilen bitkoinleriň dilemmasyny düşündirdi.

«Ýitirilen» şaýylar özgeleriň bitkoininiň bahasyny birneme galdyrýar. Muňa hemmä berlen sylag diýip düşüniň»  diýip, Nakamoto aýtdy.