Ram Nath Kowind hindi maksatnamalaryna gatnaşan we hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşdy

  • 03.04.2022 17:21
  • 16k+

Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind 2-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşygy geçirildi.  

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy.

Ýeri gelende bellesek, Prezident Ram Nath Kowind Hindistan we Merkezi Aziýa medeni hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlardan ybarat wekiliýetini Hindistana ibermäge taýýardygyny nygtady.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......