Daşoguzda hem ýazky gowaça ekişine girişildi

  • 31.03.2022 10:58
  • 4.9k+

30-njy martda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem tassyklanan tertibe laýyklykda, gowaça ekişine girişdiler. Bu welaýatyň howa şertleri göz öňünde tutulyp, ekiş möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, biraz giç başlaýar.

Däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler we meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň daýhanlary orta süýümli pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “F-149”, “Ýolöten-39” ýaly görnüşlerini ýetişdirýärler.

Welaýatda ýerleri ekişe taýýarlamak we gowaça ideg etmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň uly toplumy, ýagny ýokary öndürijilikli traktorlaryň 2552-si bar. Şolaryň aglabasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “John Deere” we “CLAAS” kompaniýalaryndan satyn alnan traktorlardyr. Ekijileriň 454-si bökdençsiz ekiş işini üpjün eder. Olaryň hatarynda “Monosem” kompaniýasynyň sekiz hatarly ekijileri we beýleki enjamlary bar.

Ýazky möwsümiň öňüsyrasynda Daşoguz welaýat häkimliginde maslahat geçirilip, oňa etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçi-pagtaçylar gatnaşdylar. Ýygnananlar ekiş möwsümini öz wagtynda geçirmek, degişli agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri, şeýle hem “ak altynyň” we beýleki ekinleriň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......