Oskar-2022 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Oskar-2022 baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Amerikanyň kinosungat akademiýasy “Oskar” baýragynyň ýeňijileriniň atlaryny mälim etdi. 94-nji gezek geçirilen dabara 3 sagat töweregi dowam etdi. Bu ýyl guramaçylar ilkinji gezek çäre başlamazdan öň sekiz nominasiýada baýragy gowşurdylar diýip, TASS habar berýär.

Esasy nominasiýada ýeňijiler şulardan ybarat:

  • Iň gowy film – “CODA: ker ene-atanyň çagasy”;
  • Iň gowy režissýor – Jeýn Kempion (“Itiň hökmürowany”);
  • Iň gowy aktrisa – Jessika Çesteýn (“Temmi Feýiň gözleri”);
  • Iň gowy aktýor – Uill Smit (“Patyşa Riçard”);
  • Ikinji meýilnamadaky iň gowy aktrisa – Ariana Debos (“Westsaýdyň taryhy”);
  • Ikinji meýilnamadaky iň gowy aktýor – Troý Kosur (“CODA: ker ene-atanyň çagasy”);
  • Iň gowy original ssenariýa – Kennet Brana (“Belfast”);
  • Iň gowy adaptirlenen ssenariýa – Şan Heýder (“CODA: ker ene-atanyň çagasy”);
  • Iň gowy operator – Greg Freýzer (“Dýuna”);
  • Iň gowy animasion film – “Enkanto”;
  • Iň gowy daşary ýurt çeper filmi – “Meniň ulagymyň ruluna geç”;
  • Iň gowy gysga metražly multfilm – “Aýna arassalaýjy”;
  • Iň gowy wizual effektler – “Dýuna”;
  • Iň gowy montaž – “Dýuna”;
  • Iň gowy saundtrek – “Dýuna”;
  • Iň gowy hudožnik işi – “Dýuna”;
  • Iň gowy ses – “Dýuna”.