Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Hökümetini düzdi

  • 25.03.2022 21:38
  • 43k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde şu gün, 25-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze Hökümetiň düzümini tassyklady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary wezipelerine ozalky ýolbaşçylary bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hökümet agzalaryny täzeden wezipe bellemek bilen, täze döwürde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin zerur tejribeleriniň bardygyny belledi.
Öň, TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti degişli düzümde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdylarYgtyýarlyklaryny tabşyran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi düzülýänçä öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmäge borçly edilipdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet, bank we halkara maliýe guramalary boýunça orunbasary wezipesine Muhammetguly Muhammedowy belledi.
M.Muhammedow 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň maliýe ministriniň orunbasary, 2014-2017-nji ýyllarda maliýe ministri wezipelerinde işledi.

 


şu gün 16:13
1.4k+

Türkmenistanyň dokma kärhanalary Ýewropa bazarlaryna çykmagyň ýoluny öwrenýär

13-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiliginiň wekilleri üçin eksport taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli dokma öndürijilerini Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna goşmaga bagyşlanan okuw......

şu gün 16:06
639

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......

şu gün 11:38
741

Raşid Meredow Italiýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşdy

14-nji aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy....

düýn 14:32
5k+

Serdar Berdimuhamedow Yragyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär....