Raşid Meredow Yslamabatda gyrgyz kärdeşi bilen duşuşdy

  • 24.03.2022 10:25
  • 4.4k+

22-nji martda YHG-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň ddaşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli ugry boýunça ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin esasda ösdürilmegi üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň ähmiýetini belläp geçdiler.  


düýn 15:42
855

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
880

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......