Amazon kompaniýasy Metro-Goldwyn-Mayer-i 8,5 mlrd dollara satyn aldy

Amazon kompaniýasy Metro-Goldwyn-Mayer-i 8,5 mlrd dollara satyn aldy

Amazon Golliwudyň Metro-Goldwyn-Mayer studiýasyny 8,45 mlrd dollara satyn almak bilen şertnamany ýapdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär diýip, rbc.ru belleýär.

Kompaniýa şertnamanyň ýapylandygy barada ýewropaly düzgünleşdirijiler bu şertnamanyň ýewropa bazarlarynda “bäsdeşligiň ep-esli peselmegine getirmejekdigini” aýdanlaryndan iki gün soň habar berdi. 
Amazon 2021-nji ýylyň maý aýynda MGM-i satyn almakçydygyny mälim etdi. Kompaniýanyň eýýäm teleprogrammalar bilen meşgullanýan hususy Amazon Studios studiýasy, şeýle-de Prime Video striming serwisi bar.
Soňky 5 ýylda iň ulusy bolan täze satyn alyş Amazon-a Netflix we Disney+ ýaly serwisler bilen has netijeli bäsleşmäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, Amazon dünýä prokatynda, takmynan, 7 mlrd dollar gazanan “Jeýms Bond” franşizasyna hukuk alar.