ABŞ-da sürüjisiz awtoulaglara rugsat berildi

ABŞ-da sürüjisiz awtoulaglara rugsat berildi

ABŞ-da sürüjisiz awtomobiller üçin adam tarapyndan gözegçilik talaplary ýatyryldy. Bu barada lenta.ru salgylanyp, Trend habar berýär.

ABŞ-nyň Ýollarda hereket howpsuzlygyny dolandyrmagyň milli edarasy (NHTSA) awtonom dolandyrylýan awtomobilleri öndürmegiň täze düzgünlerini neşir etdi. Indi awtoulag öndürijilerine eger awtoulag awtonom dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen bolsa, sürüjiniň oturgyjy, rul we beýleki gözegçilik elementleri bolmadyk ulaglary çykarmaga rugsat berildi. 

“Diňe awtomatlaşdyrylan sürüş ulgamy bilen (Automated Driving System, ADS) dolandyrmak üçin niýetlenen ulag serişdeleri üçin el bilen dolandyryş ulgamlarynyň bolmagy hökmany däldir” – diýip, edara belleýär. Edara tarapyndan tassyklanan täze düzgünler 2020-nji ýylyň mart aýynda hödürlendi. Resminamada awtomatlaşdyrylan ulag serişdeleriniň adam tarapyndan dolandyrylýan ulaglar bilen deň derejede ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidigi aýdyňlaşdyrylýar. 

Täzelenen düzgünlerde çagalaryň sürüjisiz awtomobilde sürüjiniňki hasaplanýan orny eýelemeli däldigi aýdylýar. Bu belli bir oturgyçda çaganyň heläkçilik wagtynda degişli gorag derejesini alyp bilmezligi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle ýagdaýda sürüjisiz awtomobil hereketini göni bes etmeli.