Çempionlar ligasy: «Çelsi» «Lillden» üstün çykyp, çärýek finala geçdi

  • 17.03.2022 14:04
  • 6.2k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 final duşuşygynyň jogap oýnunda «Çelsi» futbol kluby 2:1 hasabynda «Lillden» üstün çykdy. Duşuşyk «Pýer Moura» stadionynda geçirildi.

«Çelsiden» gollary Kristian Pulişiç (45+2) we Sesar Aspilikueta (77) geçirdi. Fransuzlardan ýeke-täk goly Burak Ýylmaz (38) geçirdi. Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk Londonda iňlis klubynyň 2:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlanypdy. «Çelsiniň» çärýek final garşydaşy 18-nji martda bije çekilşikde mälim bolar.

Belläp geçsek, «Çelsi» Çempionlar ligasynyň häzirki hereket edýän çempiony. Geçen möwsümde ol finalda «Mançester Sitini» 1:0 hasabynda ýeňip, çempion bolupdy.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......