Samsung sagatlaryna termometr oturdylar

Samsung sagatlaryna termometr oturdylar

Samsungyň Galaxy Watch5 görnüşleriniň geljekki seriýalarynyň smartfonlaryna termometr oturtmak isleýändigi mälim boldy. Bu COVID-19-yň irki alamatlaryny (gyzdyrma getirýän beýleki keselleri) ýüze çykarmak, şeýle hem menstrual sikli yzarlamak üçin gerek bolar. 

Bu termometr oturdylan ilkinji sagat däldir, şeýle hem bolsa, gurluşy datçik bilen enjamlaşdyrmak ýeterlik bolmazdy. Goşaryň gyzgynlygyna daşky faktorlar hem güýçli täsirini ýetirýär, mysal üçin Günüň gyzdyrmagy, bu bolsa takyk görkezmeleri almagy kynlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýle sensory sazlaýmak aňsat däl. 
Çeşmäniň habar bermegine görä, Samsung bu meseläni çözüpdir. Insaýderiň maglumatyna esaslansak,   Samsungyň Galaxy Watch5 seriýasy awgust aýynda tanyşdyrylar. Bu Watch4-iň goýberilenine bir ýyl bolanda amal aşar.
Bu seriýa uly täzeleniş hökmünde elektrokardiogrammanyň datçigini görkezdi.