Irden sagat 7-de Türkmenistanda Prezident saýlawlary başlandy

  • 12.03.2022 10:51
  • 9.3k+

Şu gün, 12-nji martda irden sagat 7-de Türkmenistanda Prezident saýlawlarynda ses bermek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň 2577-si saýlawçylary kabul edip başlady. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň saýtynda habar berilýär.

Ses berişlik agşam sagat 19-da tamamlanar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3435950-si hasaba alyndy.
Has takygy, Ahal welaýatynda 454507-si, Balkan welaýatynda 286058-si, Daşoguz welaýatynda 729082-si, Lebap welaýatynda 709396-sy, Mary welaýatynda 804768-si, Aşgabat şäherinde 452139-sy hasaba alyndy.
Şeýle hem, daşary ýurtda 23,840 saýlawçylar hasaba alyndy.


şu gün 08:13
169

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

düýn 23:15
3.4k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......