Saýlawlar gününde ulaglaryň hereketi we internetiň işleýşi ýokary hilli üpjün ediler

Saýlawlar gününde ulaglaryň hereketi we internetiň işleýşi ýokary hilli üpjün ediler

Saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi ýurdumyzyň merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda sanly görnüşde onlaýn görkeziler. Göni ýaýlymyň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan saýlaw uçastoklaryna optiki-süýümli kabel çekilip, web-kameralar gurnaldy.

Şeýle hem ýokary hilli simsiz öýjükli aragatnaşyk, internet, teleradioýaýlymlary we beýlekiler bilen üpjün etmek üçin tehniki aragatnaşyk serişdeleriniň barlag-sazlaýyş işleri geçirildi.

Saýlaw gününde ýolagçy gatnawlarynyň artmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary we taksiler bilen üpjün edip, ýolagçylara ýokary hilli hyzmaty hödürlemek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Bular barada 10-njy martda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.