Daşoguzdan Prezidentlige hödürlenen dalaşgär Aşgabatda duşuşyk geçirdi

  • 08.03.2022 10:48
  • 8.6k+

7-nji martda günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde ýurdumyzyň demirgazyk sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy A.Amangeldiýew saýlawçylary M.Ödeşowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony ýokary şahsy häsiýetleri, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda iş tejribesi bolan, işine jogapkärçilikli çemeleşýän dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.

M.Ödeşow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mähriban halkymyzyň we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ugry durmuşa geçirmäge dowam etdirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.


07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

12.03.2026 11:32
2.6k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident...