BSGG hepdäniň dowamynda kowid bilen keselleme hadysasynyň 16% azalandygyny habar berdi

BSGG hepdäniň dowamynda kowid bilen keselleme hadysasynyň 16% azalandygyny habar berdi

Geçen hepde koronawirus ýokanjy bilen 10 milliondan gowrak adam keselledi, 60 müňden gowrak adam ýogaldy. Ýüze çykarylan kesel hadysalarynyň sany ondan öňki ýedi gün bilen deňeşdirilende 16%, ölüm sany 10% azaldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy habar berdi. 

Onuň hepdelik býulleteninde bellenilişi ýaly, 21-nji fewraldan 27-nji fewral aralygynda “täze COVID-19 hadysalarynyň sany we ölüm sany azalmagyny dowam etdirdi, olar geçen hepde bilen deňeşdirilende, degişlilikde 16% we 10% azaldy”. Gurama 10 776 582 adamyň keselländigi baradaky habar gelip gowuşdy. 60 155 ölüm hasaba alyndy. 

Geçen hepde bilen (14 – 20-nji fewral) deňeşdirilende, kesellänleriň sanynyň köpelmegi Günbatar-Ýuwaş umman sebitinde (32%) hasaba alyndy. Gündogar Ortaýer deňzinde (34%) we Amerikada (30%) bolsa kesel hadysasy ep-esli azaldy. Ýewropada bu görkeziji 24% azaldy. Ölüm Günbatar-Ýuwaş umman sebitinde (22%) we Gündogar Ortaýer deňzinde (4%) ýokarlandy. Galan sebitlerde, aýratynam, Afrikada (59%) ol ep-esli azaldy.

Bir hepdede kesellänleriň sany Germaniýada (1 119 632) hasam ýokary boldy. Onuň yzyndan Koreýa Respublikasy (1 032 008), Russiýa (920 697), Türkiýe (541 259) we Braziliýa (519 785) gelýär. ABŞ-da ýedi günüň dowamynda ölüm has köp boldy (13 663). Onuň yzyndan Russiýa (5 427), Braziliýa (4 361), Meksika (2 027) we Türkiýe (1 838) gelýär. 

1-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 21:53-e çenli BSGG 435 626 514 adamyň keselländigi we 5 952 215 adamyň ýogalandygy barada maglumat aldy. Soňky bir günde kesellänleriň sany 1 200 287 adam, ölüm 7 082 adam köpeldi.