Beýik Britaniýada howpsuz aralygy saklamakdan başlap, örtüklere çenli koronawirus bilen bagly ähli çäklendirmeler doly aýrylar. Ýurduň Hökümetiniň meýilleşdirişi ýaly, ol 19-njy iýuldan başlanar. Bu barada Euronews habar berýär.
Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň başlygy Boris Jonson ilaty sanjymlaşdyrmagyň depginine tama edýär. Onuň sözlerine görä, sentýabryň ortalaryna çenli ýurduň uly ýaşly raýatlaryna doly sanjym ediler.
Boris Jonson, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri:
«Işewürligiň ähli görnüşlerine, şol sanda gijeki klublara işe başlamaga rugsat berler, garrylar öýlerine, konsertlere, teatrlardyr sport çärelerine barýan adamlaryň sanyna çäklendirmeler aýrylar. Biz howpsuz aralygy saklamagy we hökmany örtükleri dakynmagy aradan aýrarys, ýöne siz bu kadalary kesellemegiň sany ýokarlananda ýa-da nätanyş adamlar bilen ýakyn gatnaşykda bolanyňyzda, jemgyýetçilik ulaglarynda berjaý edip bilersiňiz».
Lukmanlardyr hünärmenleriň arasynda ýurtda koronawirusyň «Delta» ştamynyň ýaýramagynyň yzygiderli ýokarlanýandygy üçin bu teklibi goldamaýanlar hem bar. Beýik Britaniýa ýewropaly goňşulary ätiýaçlyk bilen seredýärler, olaryň arasynda bu ýurt bilen aragatnaşygy bes etmegiň mümkinçiliklerine garaýanlar hem bar.