Oksford uniwersitetiniň alymlary COVID-19 pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda ömür dowamlylygynyň azalandygyny anykladylar.
Ýagny, 29 döwletiň 22-sinde, şol sanda Ýewropada, ABŞ-da we Çilide ömür dowamlylygynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, alty aýdan gowrak azalandygy bellenilýär. Bu görkeziji Beýik Watançylyk urşundan bäri ilkinji gezek şeýle pese gaçyşy görkezdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
“Gözlegleriň netijesiniň COVID-19 pandemiýasynyň uly täsiriniň bardygyny görkezendigi baradaky fakt onuň köp ýurtlar üçin nähili agyr zarba urandygyny görkezýär” – diýip, agentlik gözlegiň awtorlarynyň biri bolan professor Ridhi Kaşýapyň sözlerini getirýär.
Reuters-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde täze koronawirus sebäpli 5 mln töweregi ölüm hasaba alyndy.
Ýurtlaryň aglabasynda erkekleriň arasynda ömür dowamlylygy zenanlara garanda has azaldy. Bu ýagdaýda amerikaly erkek adamlar has uly zyýan çekdi, olaryň ömür dowamlylygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,2 ýyl azaldy. Umuman alanyňda, bu görkeziji 15 ýurtda erkekleriň arasynda, 11 ýurtda zenanlaryň arasynda 1 ýyldan gowrak azaldy.