Microsoft Windows 12-ni döredip başlady

  • 27.02.2022 10:29
  • 3.5k+

Täze Windows düýbünden başgaça operasion sistema bolar diýip, “Ghacks” neşiri ýazýar. Onuň çykjak senesi nämälim bolsa-da, käbir detallary we mümkinçilikleri eýýäm belli.

Microsoft Windows 11 bilen birlikde öňki operasion sistemalaryň işlemegine esas bolan Windows-yň köne esasynyň bir böleginden ýüz öwürmek isleýär. Operasion sistemanyň täze wersiýasy Windows 10X-iň käbir gurluşlaryny öz içine alar we ony ulanmak üçin TPM 2.0 kriptoçibiniň we Microsoft Pluton-yň bolmagy hökmany talap bolar.
Microsoft Pluton – bu kompaniýa tarapyndan AMD, Intel we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredilen howpsuzlyk çibi. TPM çiplerinden tapawutlylykda, Pluton gönüden-göni merkezi prosessora gurnalýar. Indiki operasion sistemanyň işinde howpsuz ýükleme funksiýasy hem has möhüm rol oýnar.
Windows 12-ni ulanmak üçin Home we Pro ulanyjylary üçin Microsoft akkaunty gerek bolar. 
Ýatlap geçsek, Microsoft geçen ýylyň oktýabr aýynda dünýädäki ähli ulanyjylar üçin durnukly wersiýa Windows 11-i çykardy. Gurnamak üçin gabat gelýän kompýuterlerde Windows 10-yň eýeleri üçin täzelenme mugt.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
897

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...