Nil derýasynda ägirt uly gidroelektrik stansiýasy işe girizildi

  • 27.02.2022 10:31
  • 9.4k+

Efiopiýada ägirt uly gidroelektrik stansiýasy işe girizildi. Ol Nil derýasynda ýerleşýär. Desganyň resmi ady – “Beýik galkynyş bendi”. Bu megataslama özboluşly hasaplanýar. Stansiýanyň turbinalaryny ýurduň premýer-ministri Abiý Ahmed işe girizdi diýip, Reuters habar berýär.

Häzirki wagtda taslama, takmynan, iki milliard dollar maýa goýuldy, ol doly tamamlanýança bahasy bäş milliard dollar bolar. “Efiopiýanyň Beýik galkynyş bendi” Afrikada iň uly gidroelektrik stansiýasyna öwrüler diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de, elektrik energiýasynyň bir bölegi goňşy ýurtlara eksport ediler diýlip çak edilýär. 

“Efiopiýanyň baş maksady – garaňkylykda kynçylyk çekýän ilatymyzyň 60%-ini ýagtylyk bilen üpjün etmek, energiýa almak üçin arkalarynda odun daşaýan enelerimizi zähmetden goramak” – diýip, premýer-ministr aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Efiopiýa Afrikada ikinji uly elektrik energiýasynyň ýetmezçiliginden kynçylyk çekýär. 110 million adamly ilatyň üçden iki böleginiň elektrik ulgamyna elýeterliligi ýok. 

şu gün 09:02
348

Gresiýa ilkinji gezek öz astronawtyny Halkara kosmos stansiýasyna iberer

Gresiýanyň hökümeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ýurduň taryhynda ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasyny taýýarlaýandygyny mälim etdi. Bu uçuş ýakyn iki ýylyň dowamynda amala aşyrylar we ol ýurduň......

düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......