LG dury OLED telewizorlaryny çykarmak bilen meşgullanar

LG dury OLED telewizorlaryny çykarmak bilen meşgullanar

Internet torunda häzirki wagtda LG-niň içerki bölümçeleriniň öz aralarynda dury displeýli telewizorlary çykarmak barada ylalaşýandyklary hakynda maglumat peýda boldy. 

Habar berlişi ýaly, gürrüň OLED tehnologiýasy boýunça ýerine ýetirilen iň pesi 55 dýuýmlyk modeller barada gidýär. LG Display-de bu hereket ýeterlik derejede “maksadalaýyk” hasaplanýar.

Özboluşly telewizorlaryň çykarylmagyna LG Electronics-iň düzümine girýän we telewizorlaryň önümçiligine jogap berýän Home Entertainment Company jogapkär bolar. Dury telewizorlaryň beýleki rulon telewizorlardan tapawutlylykda adaty usul bilen berkidilmegine garaşylýar.

Eger ähli işler meýilnama boýunça gitse, onda 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda täze görnüşli panelleriň üstünde işlenilip başlanar, täjirçilik modelleri bolsa 2023-nji ýylda peýda bolar.

Ýatlap geçsek, LG dury OLED telewizorlarynyň bazaryna çykan ilkinji öndüriji däl. 2020-nji ýylda Xiaomi şeýle telewizoryny – Mi Lux-y hödürledi. Dogrusy, bu modeliň satuw derejesi pes boldy.