Maksatmyrat Öwezgeldiýew Prezidentlige dalaşgärlik maksatnamasyny tanyşdyrdy

  • 26.02.2022 18:23
  • 10k+

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň häkimliginde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine beýleki bir dalaşgär — teklipçi topar tarapyndan hödürlenen Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew bilen duşuşyk boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýew ýygnananlary Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş etdi. Ol saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, häzirki wagtda özygtyýarly Türkmenistanyň dünýäniň has okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girendigini hem-de milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürilmeginiň, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.


30.03.2026 23:19
7.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde......

14.02.2026 12:09
22k+

Türkmenistanyň welaýatlarynda birnäçe etraplaryň häkimleri täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda, anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň häkimlerini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekdi...

19.01.2026 23:11
7.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün, 19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

13.01.2026 10:20
6.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleri maslahatlaşdy

12-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...