Lebapdan hödürlenen dalaşgär daşoguzly saýlawçylar bilen duşuşdy

  • 26.02.2022 18:06
  • 3.7k+

25-nji fewralda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň direktory Ý.Ýagmyrow ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, ony gujurly, ýokary hünärli, mugallymçylyk işinde tejribe toplan, sowatly, guramaçylyk ukyby bolan, talapkär ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Dalaşgär gazanylan üstünliklere, döwleti dolandyrmagyň iň gowy dünýä tejribesine daýanyp, ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine tarap saýlanyp alnan ugur boýunça mundan beýläk-de öňe gitmelidigini nygtady.


23.06.2026 14:16
5k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

11.06.2026 13:44
3.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

04.06.2026 12:34
5.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....