19-njy martda Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçiriler

  • 22.02.2022 12:46
  • 7.1k+

19-njy martda Türkmenistanda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça geçiriljek bu çärä görülýän taýýarlyk işleri hakynda 21-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ýazky möwsümde ekiljek bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.


şu gün 10:23
1.3k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...

düýn 11:34
4.7k+

Afrika pingwinleriniň sany 95% azaldy: 2036-njy ýyla çenli olar ýok bolup biler

Afrikadaky pingwinleriň ýeke-täk görnüşi Günorta Afrikanyň kenarýaka suwlarynda balyklaryň düýpli azalmagy sebäpli ýok bolmagyň bärsine bardy. Häzirki ýagdaý saklansa, bu görnüş 2036-njy ýyla çenli ýok bolup biler...

düýn 08:54
8.1k+

Gar gatyşykly ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.12 - 21.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

13.12.2025 17:03
5.3k+

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda baýramçylyk konserti boldy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy...