Formula-1-iň «Maklaren» topary 2022 möwsüm üçin täze MCL36 ulagyny görkezdi

  • 16.02.2022 15:15
  • 3.2k+

«Maklaren» britan topary 2022-möwsümi üçin ulagy görkezdi. Täze ulag MCL36 indeksini aldy.

Ýatlap geçsek, 2022-nji ýyl möwsüminden başlap Formula-1-de täze tehniki düzgün hereket eder, şol sebäpli awtomobiliň daşky görnüşi-de tehniki aýratynlyklary ýaly düýpgöter üýtgär. 
Geçen ýyl “Maklaren” Konstruktorlaryň kubogynda dördünji orny eýeledi. Toparda britaniýaly Lando Norris we awstraliýaly Daniel Rikkardo çykyş etdi. Sürüjileriň düzümi 2022-möwsüminde hem üýtgewsiz bolar.
2022-nji ýyl möwsüminden öň galan tanyşdyryş çäreleriniň tertibi:

  • 15-nji fewral – “Uilýams”
  • 17-nji fewral – “Ferrari”
  • 18-nji fewral – “Mersedes”
  • 21-nji fewral – “Alpin”
  • 27-nji fewral – “Alfa Romeo”.

17.01.2026 08:22
2.5k+

«Red Bull» uçaryň kömegi bilen 2026-njy ýyldaky «Formula-1» möwsümi üçin ulagyny tanyşdyrdy

«Formula-1-iň» «Red Bull» topary 16-njy ýanwarda Detroýtda (ABŞ) geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde 2026-njy ýyl möwsümi üçin öz ulagynyň täze dizaýnyny görkezdi. Dabaranyň gahrymanlarynyň biri 47 ýaşly çehiýaly uçarman we Çehiýanyň HHG-siniň öňki uçarmany, 2018-nji ýylda Red Bull Air Race-iň çempiony Martin Şonka boldy...

16.01.2026 16:44
1.3k+

Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy auksionda azyndan 5,5 mln ýewro satylar

«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi...

09.01.2026 10:43
2.8k+

Mihael Şumaheriň ilkinji ýeňiji bolan bolidi auksiona çykarylýar

Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar...

18.12.2025 22:00
2.5k+

Casio Honda-nyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşiniň şanyna aýratyn sagat çykardy

Casio Honda markasynyň «Formula-1-däki» ilkinji ýeňşine bagyşlanan ýörite sagadyny hödürledi. Ýapon awtoöndürijisi bu çempionatda ilkinji gezek 1964-nji ýylda çykyş etdi. Ol öz ulagynyň şassisini we hereketlendirijisini özbaşdak işläp düzdi...