Agrar partiýa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärini hödürledi

  • 16.02.2022 01:12
  • 46k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň Agrar partiýasy iň ýokary döwlet wezipesine öz dalaşgärini hödürledi. Partiýanyň nobatdan daşary IV mejlisinde onuň agzalary Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy dalaşgär hökmünde hödürlemek hakynda karar kabul etdiler.

Käri boýunça inžener-gurluşykçy bolan Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlandan soň, Mary welaýatynyň etrap häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap geňeşinde, bu etrabyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň birleşiginde işledi. 2017-nji ýylyň ýylyň aprelinden bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işleýär.


şu gün 11:12
889

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

şu gün 11:02
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

şu gün 10:18
2.8k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

şu gün 10:09
5.3k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...