Berdimuhamedow: «Türkmenistanda her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar»

  • 13.02.2022 14:29
  • 40k+

Türkmenistanda geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar. Bu barada 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda aýratyn nygtady.

«Biz ösüşiň täze nusgasyny döredýäris. Bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün eder... Döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini men aýratyn bellemek isleýärin. Mundan başga-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa has giňden ornaşdyrylar. Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis» diýmek bilen, türkmen Lideri Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde we “Aşgabat-sitide” gurlan ilkinji şeýle jaýlaryň, öňi bilen, ýurduň raýatlaryna beriljekdigini aýtdy.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......