Skoda 2021-nji ýylda dünýä bazaryna 2020-nji ýyldakydan 15% az awtoulag iberdi

  • 12.01.2022 11:44
  • 5k+

Çehiýanyň awtomobil ägirdi Skoda tamamlanan ýylda dünýä bazaryna ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 15% az awtoulag iberdi. Bu barada TASS-a kärhananyň direksiýasynda habar berildi. 

“2021-nji ýylda dünýä bazaryna Skoda markaly 878 200 ýeňil awtomobil iberildi, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan, 15% azdyr. 2020-nji ýylda 126 600 awtoulag köp iberilipdi. Bu koronawirus pandemiýasynyň awtomobil önümçiligine we islegine ýaramaz täsir etmegi, şeýle-de belli bir möhlet bilen Çehiýadaky zawodlarymyzyň togtadylmagyna getiren elektron bölekleriniň ýetmezçiligi netijesinde boldy” – diýlip, direksiýada bellenilýär. 

Çehiýada üç sany Skoda zawody bar. Olarda 34 müň töweregi adam işleýär.

düýn 20:06
4.9k+

Tesla robotaksisi ilkinji gezek ýol-ulag hadysasyna uçrady. Duran Toyota Camry zyýan çekdi

Ostinde (Tehas ştaty) Tesla robotaksisiniň gatnaşmagynda bolup geçen ilkinji ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Model Y elektromobili Home Slice Pizza restoranynyň awtoduralgasyndan çykyp barýarka, duran Toyota Camry-ny kakdy...

düýn 17:44
2.7k+

Xiaomi YU7 krossowerine nobat 62 hepdä çekýär

Xiaomi kompaniýasy özüniň ikinji modeli bolan YU7 elektrokrossoweriniň ibermelerine başlady. Ilkinji awtoulaglar Hytaýyň 58 şäherindäki eýelerine gowşuryldy. Emma ýokary isleg we önümçilik kuwwatynyň çäklidigi sebäpli, bu ulagyň esasy görnüşi üçin garaşmaly wagt 62 hepdä ýetdi diýip, «Cnevpost» habar berýär...

düýn 17:36
1k+

2025-nji ýylyň Audi A3 modeli täze benzinli hereketlendiriji we doly herekete getiriji ulgam bilen çykdy

Audi 2025-nji ýylyň täzelenen A3 modelini hödürledi. Model 204 at güýjüni öndürýän we 320 Nm tork berýän täze 2.0 TFSI benzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Quattro doly herekete getiriji ulgamy bilen ulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 6,3 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 245 km/sag...

düýn 10:36
2.2k+

Peugeot indi arzan awtomobilleri çykarmaz

Peugeot brendi arzan şäher awtomobillerine gaýdyp gelmekden resmi taýdan ýüz öwürdi we model 108-iň yzyny dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Alen Fawe aýtdy. Peugeot 108 modeliniň önümçiligi tas bäş ýyl mundan ozal tamamlandy we şondan bäri markanyň iň elýeterli modeli Peugeot 208 boldy...