Android 13 hakda ilkinji jikme-jiklikler peýda boldy

  • 31.12.2021 18:44
  • 6.5k+

Android 12-niň çykanyna heniz bary-ýogy birnäçe aý geçen hem bolsa, Google-yň Android 13-de nähili artykmaçlyklary göz öňünde tutýandygy barada ilkinji myş-myşlar peýda bolup başlady. Bular hakynda PhoneArena salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Android 13-iň täzelikleriniň biri hökmünde Android Open Source Project (AOSP) kodunyň iň soňky wersiýasynda ulgam sazlamalaryna goşulan LE Audio (LC3) kodeksi görkezilýär. Özi-de, ol indi ses enjamyna birikdirilende iň ileri tutulýan kodek boldy.
Şeýle-de, ýakyn wagtda çykjak Android 13-de Bluetooth LE Audio tehnologiýasynyň peýda bolmagynyň ýokary ähtimallygy barada bellenilýär. Ol, beýleki zatlar bilen bir hatarda, batareýanyň ömrüni hasam uzaldyp, has durnukly birikmäni üpjün edip biler. Özi-de ol muny ykjam enjamlarda ses hiliniň peselmegine ýol bermezden amala aşyrar.
Android-iň täze wersiýasy, adatça, her ýylyň güýzünde çykýar. Diýmek, “ýaşyl robotyň” 13-nji wersiýasy bir ýyldan hem az wagtyň içinde ilkinji ulanyjylara elýeterli bolar.

şu gün 00:03
1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
914

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......