Berdimuhamedow: «Baýramçylyk günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyklar guralmalydyr»

  • 28.12.2021 12:37
  • 21k+

27-nji dekabrda geçirilen Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň jemleýji bilelikdäki mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagy üçin, şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary hökmünde Ç.Amanowa baýramçylyk günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak, wise-premýer Ç.Purçekowa bolsa bu ugurda geçiriljek işlere ýardam bermek tabşyryldy.

Şeýle hem ähli wise-premýerlere öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň Tertibine seretmek, nobatçylyk etjek işgärleriň telefon belgilerini şol Tertipde görkezmek tabşyryldy. Bu häkimlere hem degişlidir. Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellemeli diýip, döwlet Baştutany nygtady hem-de jemagat hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini guramagy tabşyrdy.


düýn 23:23
659

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....