“Möý adam: Öýe ýol ýok” 2021-nji ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy

  • 27.12.2021 18:44
  • 5.7k+

“Möý adam: Öýe ýol ýok” lentasy 2021-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan golliwud filmi boldy. Kartina prokatda 800 mln dollar ýygnady diýip, www.m24.ru habar berýär. 

Bu filmden diňe Hytaýyň “Çosin suw howdanyndaky söweş” we “Salam, eje” filmleri öňe geçýär. Olar prokatda, degişlilikde 902 we 882 mln dollar gazandylar. Ähtimal, eýýäm indiki hepde Sony bilen Marvel-iň filmi olardan öňe geçer. Şeýle depgin bilen “Öýe ýol ýok” filminiň pandemiýa döwründe 1 mlrd dollar bellikden geçen ilkinji film bolmagyna ähli mümkinçilikler bar.

Şeýle netijeleriň Hytaýda prokata çykmazdan gazanylmagy bolsa aýratyn haýran galdyryjydyr. Diňe ilkinji dynç günleri film 587,2 mln dollar gazanyp, pandemiýa döwründe iň gowy başlangyjy görkezdi, Sony studiýasy üçin bolsa bu taryhda ilkinji dynç günleriniň rekord ýygymydyr. 

Mundan öň pandemiýa döwründe Golliwudyň iň köp girdeji gazanan kinosy Jeýms Bond hakynda “Ölmegiň wagty däl” filmi bolupdy. Onuň prokatda gazanan girdeji ýygymy 733 mln dollardan geçdi. 

şu gün 00:03
660

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
657

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
332

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......