TikTok Google-dan öňe geçip, dünýäde iň köp girilýän web saýt boldy

  • 25.12.2021 08:33
  • 5.2k+

Hosting hyzmatlaryny amala aşyrýan Cloudflare kompaniýasy täze statistika çap etdi. Onda hünärmenler 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň köp girilýän web sahypalar baradaky maglumatlary jemlediler. Bu barada Gizmodo portalyna salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Bu gezek köp ýyllap jedelsiz birinji bolup gelen Google özüniň hemişeki ornuny saklap bilmedi. Sanawda birinji orny TikTok eýeledi. Şol bir wagtyň özünde, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, hyzmatyň sahypasy umumy sanawda ýedinji orunda ýerleşdi.
Bellemeli zat, 2021-nji ýylda birinji orny eýelemek ugrunda web sahypalaryň arasynda çekeleşikli bäsdeşlik emele geldi. Ýagny, 17-nji fewralda TikTok Google-y birinji orundan aşak düşürdi. Emma kän wagt geçmänkä Google ýene-de öňe saýlandy. 10-njy awgustda bolsa gysga wideolar hyzmaty sanawyň başynda ymykly ýerleşdi.
2021-nji ýylda YouTube hem birinji orna çykyp gaýtdy. Bu bary-ýogy ABŞ-nyň futbol çempionatynyň finalynyň geçirilýän döwründe bolup geçdi.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....