2021-nji ýylyň iň şowsuz tehnologiýa kompaniýasy saýlandy

2021-nji ýylyň iň şowsuz tehnologiýa kompaniýasy saýlandy

Yahoo Finans saýty her ýyl iň gowy kompaniýalaryň sanawyny düzýär. 2021-nji ýylda bu hormatly ada Microsoft eýe boldy. Şeýle hem, hünärmenler iň şowsuz kompaniýalaryň anti-reýtingini düzdüler. Bu barada Macrumors-a salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Anti-reýtingde birinji orny Meta ady bilen tanalýan Facebook eýeledi. Pikir soraşma gatnaşanlar Facebook-yň senzura bilen bagly kynçylyklaryny, Instagram-yň akyl saglygyna täsiri baradaky hasabatlary we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligindäki meseleler hakynda bellediler.
Hatda Facebook öz adyny hut abraýyna ýeten zyýany birneme gowşatmak üçin üýtgedendir öýdüp hem çaklanylýar. Galyberse-de, täze at bilen kompaniýa özüniň täze iş ugruna - “multiäleme” ünsi jemledi diýip, çeşme belleýär.