Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi

  • 21.12.2021 08:47
  • 24k+

20-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söwda toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda haryt üpjünçiligini artdyrmak, ilatyň giň görnüşli harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, söwda toplumynyň pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow bolsa Täze ýylyň öňüsyrasyndaky şu günlerde ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegi ugrunda görülýän yzygiderli çäreler barada hasabat berdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýew türkmen Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, telekeçilik ulgamynda zerur önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak maksady bilen degişli işleriň dowam etdirilýändigi barada aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, söwda toplumynda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, bu ugurda ýerine ýetirilýän wezipeleriň örän ähmiýetlidigini nygtap, Täze ýylyň ýetip gelýän günlerinde ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň harytlar bilen doly üpjün edilişini gazanmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Türkmen Lideri harytlaryň görnüşini köpeltmek ugrunda alnyp barylýan işlerde, şeýle hem käbir guramaçylyk işlerinde nogsanlyklara ýol berilýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara berk käýinç berdi.


düýn 22:09
595

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
513

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......