Gazagystanda çalt küşt boýunça dünýä çempionaty omikron ştammy sebäpli geçirilmez

Gazagystanda çalt küşt boýunça dünýä çempionaty omikron ştammy sebäpli geçirilmez

Blitz we rapid boýunça dünýä çempionaty täze antikowid çäklendirmeleri sebäpli dekabr aýynda Gazagystanda geçirilip bilinmez diýlip, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) resmi saýtynda habar berilýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

Ýaryş 25-nji dekabrdan 31-nji dekabr aralygynda Nur-Sultanda geçirilmelidi.
Gazagystanda 3-nji dekabrdan täze sanitariýa çäklendirmeleri güýje girdi. Şonuň bilen baglylykda, koronawirusyň omikron ştammy ýüze çykarylan ýurtlardan gelýänleriň ählisi bir hepdelik karantinden geçmeli. 
FIDE ýaryşy başga ýere geçirmegi göz öňünde tutýar we özüniň karary barada hepdäniň ahyrynda yglan eder.
Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň hökümeti we Gazagystanyň küşt federasiýasy ýaryşyň ýatyrylmagyna gynanç bildirýärler we ony indiki ýyl kabul etmäge taýýardyklaryny mälim edýärler.
2019-njy ýylda bu ýaryş Moskwada geçirildi, 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli ýaryş geçirilmedi.