Merkezi Aziýa «bäşliginiň» we Hindistanyň Baş diplomatlary Nýu-Delide duşuşarlar

  • 13.12.2021 15:15
  • 4.8k+

Şu ýylyň 18-19-njy dekabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Deli şäherinde gepleşikleri geçirerler. Ol geljek ýylyň 26-njy ýanwarynda belleniljek Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli guraljak çärelere gatnaşjak Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň duşuşygynyň öň ýanynda geçirilýär. Bu barada orient.tm habar berýär.  

Hindistanyň habar beriş serişdeleri Merkezi Aziýa “bäşliginiň” we Hindistanyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygynyň sebitiň ýurtlary bilen medeni, siwilizasion hem-de taryhy taýdan umumylyklary bolan Hindistan üçin, aýratyn-da, Owganystanda dowam edýän häzirki ýagdaýlarda bu sebite möhüm çykalga boljakdygyny ýazýarlar. RepublicWorld hindi neşiriniň ýazmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Hindistana sapary bu sebitiň ýurtlary bilen Hindistanyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde ozaldan hereket edýän gepleşikler mehanizminiň ilkinji sammiti bolar.  

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi ýörite hat ugradyp, Türkmenistanyň Prezidentini Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammitine gatnaşmaga çagyrdy. “Men Sizi tüýs ýürekden 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Deli şäherinde geçiriljek Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hormatly myhman hökmünde Hindistana çagyrmak isleýärin. Respublikanyň gününiň hormatyna geçiriljek dabaraly ýörişe gatnaşmak üçin Siziň Ýaragly Güýçleriňizden düzülen topary kabul etmek hem biziň üçin uly hormat bolar” diýlip hatda aýdylýar. 


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
749

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......