Şweýsariýanyň DIM-niň başlygy Inýasio Kassis 2022-nji ýyl üçin ýurduň prezidenti saýlandy

Şweýsariýanyň DIM-niň başlygy Inýasio Kassis 2022-nji ýyl üçin ýurduň prezidenti saýlandy

Hökümetde sagçy merkez “Erkin demokratik partiýa. Liberallara” wekilçilik edýän, Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Inýasio Kassis 2022-nji ýyl üçin ýurduň prezidenti saýlandy. Saýlawlar Federal ýygnagyň (parlament) iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçirildi. Ol daşary syýasy edaranyň başlygy bolmak bilen, prezident ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer. Bu barada TASS habar berýär.

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, Kassisiň prezident wezipesinde esasy wezipeleriniň biri Ýewropa Bileleşigi bilen ýitileşen gatnaşyklary ýumşatmak bolar. Kassisiň ýene bir wezipesi 2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Luganoda meýilleşdirilen Ukrainadaky özgertmeler boýunça halkara konferensiýany geçirmek bolar.

Şweýsariýada prezident wezipesini ýedi ministrden ybarat bolan Federal geňeşiň (hökümet) agzalary nobat boýunça eýeleýärler. Çarşenbe güni geçirilen saýlawlaryň netijesi hökümetiň düzümine girýän iň uly partiýalaryň ylalaşmagy bilen kesgitlenildi we prezidentiň üýtgemegi ýurduň syýasatyna täsir etmez, sebäbi hökümetde meseleler kollegial çözülýär. Şweýsariýada prezident döwlet baştutany däldir: bu Federal geňeşiň hususy ygtyýarlygy. Prezident hökümet mejlislerinde başlyklyk edýär, sesler deň bolan ýagdaýynda onuň pikiri aýgytlaýjy bolýar. Şeýle-de, ol Şweýsariýa iş sapary bilen gelýän daşary ýurtlaryň baştutanlaryny kabul edýär.