Noýabr aýy boýunça iň güýçli Android smartfonlary kesgitlenildi

  • 06.12.2021 23:32
  • 10k+

AnTuTu meşhur mobil bençmarkynyň topary iň güýçli Android smartfonlarynyň täze reýtingini paýlaşdy. Bu barada bençmarka salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Noýabr aýy boýunça düzülen reýtingde birinji orny Black Shark 4S Pro eýeledi. Bellemeli zat, bu smartfon geçen aýda hem öňdebaryjy bolupdy. Enjam 16 Gb operatiw ýady bolan Snapdragon 888+ çipi bilen işleýär. Bu smartfon reýtingde 875,382 bal gazanmagy başardy.
Ikinji ýerde Red Magic 6S Pro ýerleşdi. Ilkinji üçlügi bolsa iQOO 8 Pro jemledi. Dördünji orunda Snapdragon 888 prosessorly Black Shark 4 Pro bar. Sanawa vivo X70 Pro+, ASUS ROG Phone 5S, iQOO 8, Legion Phone Duel 2, OPPO Find X3 Pro we Realme GT hem goşulmagy başardy.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
866

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
416

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......