Türkmenistan owgan halkyna ýene-de ynsanperwerlik kömegini iberer

Türkmenistan owgan halkyna ýene-de ynsanperwerlik kömegini iberer

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde türkmen Lideri wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowa ýüzlenip, ýakyn wagtda Owganystanyň halkyna ynsanperwer kömegiň iberilmeginiň guralmalydygyny belledi.

Ýeri gelende bellesek, Owganystandaky dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlarda Türkmenistan bu ýurda ynsanperwelik kömegini bermegini dowam edýär. Şu ýylyň sentýabrynda hem goňşy döwlete türkmen tarapyndan ynsanperwerlik kömegi hökmünde degişli ýükler ugradylypdy.