Ançelotti «Realda» ömürlik galmak isleýändigini mälim etdi

  • 01.12.2021 09:27
  • 7.8k+

Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi Karlo Ançelotti korollyk klubyndaky işini futbol üçin hem, ýaşamak üçin hem iň amatly ýer hasaplaýar. Bu barada playmaker24.ru habar berýär.

"Realyň" teklibi ajaýyp bir garaşylmadyk waka boldy, ýogsa men asyl hem klub bilen aragatnaşygy bes etmändim. Özüme galsa, ömrümiň ahyryna çenli şu ýerde galardym. Bu - futbol we ýaşamak üçin iň amatly ýer" - diýip, Marca Ançelottiniň sözlerini getirýär.

62 ýaşly italýan hünärmeni 2021-nji ýylyň tomsunda korollyk klubynyň başyna geçdi. Onuň "Real" bilen şertnamasy 2024-nji ýylyň iýunyna çenli dowam eder. Ýeri gelende bellesek, hünärmen toparda ozal - 2013-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli hem işläpdi.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.8k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......