Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammitiniň jemleri jemlendi

  • 28.11.2021 17:07
  • 22k+

Şu gün, 28-nji noýabrda - Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Nobatdaky Sammite YHG agza-ýurtlarynyň, hususan-da, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Mejlisiň öňüsyrasynda YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy geçirildi.

YHG-nyň 15-nji Sammitini açmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji Sammitiniň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana söz berdi.

Soňra YHG-nyň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini YHG-nyň 15-nji Sammitiniň Başlyklygyna saýladylar.

Sammitiň barşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Baştutany ýurduň Gurama başlyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi we türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan-ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi. 

Forumyň barşynda çykyş eden YHG gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary bu Sammitiň Guramanyň giňişliginde alnyp barylýan sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan derwaýys ugurlary boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler. 

Häzirki wagtda Guramanyň çäklerinde agza-ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan has hem ösdürilmegi maksady bilen, köpugurly sebitleýin hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, şonuň ýaly-da söwda, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, energetika, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky önjeýli özara hereketleriň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli mümkinçilikler döredilendir.

YHG-nyň 15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.

Soňra YHG-nyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......