Raşid Meredow gyrgyz kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 27.11.2021 09:08
  • 2.9k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi, halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň işjeňligi hem aýratyn bellenildi.


düýn 14:03
3.4k+

2026-njy ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýen at Andijana geçirildi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda şäherinde (Gazagystan) Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen wekiliýtine Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow ýolbaşçylyk etdi...

düýn 12:31
6.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we beýleki desgalaryň gurluşygyna baryp gördi

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy...

düýn 11:13
6.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti iki sany iri halkara çärelerini geçirmek hakynda resminamalara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek hakynda kararlara gol çekdi diýip, TDH habar berýär. Resminamalaryň birinjisi Daşary...

düýn 11:07
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidentine gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...