Utgaşykly görnüşde YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi

Utgaşykly görnüşde YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi

26-njy noýabrda Aşgabatda YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Maslahatda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Umumy mejlis YHG-a agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlandy.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.